Resmi PÝGG-nyñ jerimeleri, bellik ediniñ, başyñyza düşen ÿagdaÿynda aldanyp artykmaç tölemezlik üçin! 210, Näsaz ulag serişdesiniň dolandyrylmagy - 20-50 manat aralygy 211.1, Derman guty(apteçka) bolmazlygy - 10 manat 211.2, Kemer(ramen) - 20 manat 211.3, prožektor, gözüňi gamaşdyrýan çyralar, gysgaldylyp ýada artdyrlyp goýlan pružinler - 20-50 manat aralygy 211.4, ýokarkynyň bir ýylyň dowamynda ikilenç gaýtalanylmagy - 50-100 manat aralygy 211.5, Hapa bolsa - 20-30 manat aralygy 212.1, Trafaret - 10-20 manat aralygy 212.2, Döwlet belgisiz - 200 manat 212.3, Galp döwlet belgi - 100-300 manat aralygy 212.4, Resminamasyz dolandyrlmagy - 10 manat 213, Telefonda gürleşmek, iýip-içmek, çilim çekmek, gaty sesli audio-wideo enjamlar diňlemek we ş.m. - 50-100 manat aralygy 214.1, Bellenilen tizlikden 10 km'den az artdyrylmagy - duýduryş berilmäge degişli 214.2, Bellenilen tizlikden 10-dan 30 km'a çenli artdyrylmagy - 50 manat 214.3, Bellenilen tizlikden 30-dan 50 km'a artdyrylmagy - 100-300 manat aralygy 214.4, Bellenilen tizlikden 50 km'dan ýokary bolsa - 300-500 manat aralygy 214.5, Ýol belgilerine üns bermezlik, garaňkyda ýada ýol oňat görünmeýän wagtynda(ümürde we ş.m) çyralary peýdalanmak kadalarnyň bozulmagy - 10-20 manat aralygy 214.6, Gyzyl yşykda geçilmegi - 100-300 manat aralygy 214.7, Pyýada ýodalarda sürülmegi, durulmagy ýada goýlup gidilmegi - 30-50 manat aralygy 219.1, Ulag serişdelerinde tirkege almak kadalarynyň bozulmagy -30-100 manat aralygy 219.2, Ýükleri daşamak kadalarynyň bozulmagy - 200 manat 221, Demirýol geçelgelerinden geçmek kadalarynyň bozulmagy - 100-200 manat aralygy 222.1, ulagyň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagy - 400-800 manat aralygy 225, Ýola hapa taşlamak - 50-100 manat aralygy 226, Toý kerweninde(gelinaljyda) ýol hereketiniň bozulmagy - 50-100 manat aralygy 228.1, Prawasy ýada ynanç haty ýanynda bolmasa - 10-20 manat aralygy 228.2, Ulag serişdelerni dolandyrmaga hukugy bolmadyk adamynyň ulagy dolandyrmagy, ýada dolandyrmaga berilmegi - 200-400 manat aralygy 229.1, PÝGG-nyň işgäri saklanda durman gidilse - 300-500 manat aralygy 235.2, Edara, kärhana, gurama degişli maşynlarynyň şahsy bähbit üçin ulanylmagy - 200 manat 237.4, Howply ýükleri daşamagyň bellenilen tertibiniň bozulmagy -100 manat 243, Ýol örtüginde bilkastlaýyn yz galdyrylmagy (peşetmek), ýada gödek ýagny ýol hereketiniň beýleki gatnaşyjylaryna päsgel döretmek bilen ýolyň daraldylmagy - 30 manat 138, Tüsse - 300 manat.

Теги других блогов: Resmi PÝGG jerimeler aldanyp artykmaç tölemezlik