Kakam hakda hesretli poema Ýadymda.. Yssydy, Jokrama yssy. Howur berip durdy, Ak çägäň üsti. Ýerbendiň çöllügi, Daşlynyň oýy. Otuz ýedinji ýyl, Awgustyň aýy. Ýöne kär edermi Yssydyr howur Dokuz ýaş eliňde Nähili döwür! Dokuz ýaşyň içi Nähili döwür! Diňe indiden soň Başlanýar ömür Görjegiň öňüňde Alnyňda baagtyň Oýnajak pursatyň Ýaýnajak wagtyň Aladadan bizar Ünjüden halas Bir höwürtgäň-öýüň Birisi-klas Şol klasa girip Gözümiz açdyk Hem-de ýarym açkak Syýasylaşdyk Atamyzdan aňry Arkalarmyzy Bilmänkäk bilýärdik Narkomlarmyzy Şeýdip allanäme Ýaýnaýan wagtyň Birden şol yssy gün Ýatypdy bagtyň 2 ...Senden ýüzüni sowýar Düýn-öňňunky dostlaryň Sebäbi näme, Sebäbi – kakaň “halkyň duşmany...” Dostlaň ornunda bolsaň, Halamazdyň özüňem Duşmanyň ogly bilen Oýnap salamlaşmany. Ýöne welin, adamlar, Bir oýlanyň ahyryn- Bilýäňiz-ä kakamy- O nähili duşmanmyş?! Gatyşdyrmaň adamlaň Garasyny, agyny, Bilýäňiz-ä kakamy- O nähili duşmanmyş?! Käri-hä çopan onuň, Elipdenem şermende, Aýak yzy siňendir Bu çarwaýy Ýerbende. Sährada selpäp ýören Siziň ýaly bir bende. Aýdyň ahyr, adamlar- O nähili duşmanmyş?! Ýedi baş jan ýerleşýär Gara öýüň içinde Ýüki bir düýä sygýar Oýdan-oýa göçende Garynjany ynjytmadyk Bolsa hiç bir haçanda O nähili duşmanmyş?! O nähili duşmanmyş?! Iliň öňüne çykyp, Geplemegi bilmese, Iki sözüň başyny Seplemegi bilmese, Töweregne jemende Toplamagy bilmese, O nähili duşmanmyş?! O nähili duşmanmyş?! Egri taýakdan başga Ýaragy ýok halyna, Arta-süýşe döwleti Çöregi ýok halyna, Aýdyň ahyr adamlar, O nähili duşmanmyş?! Kagyza barmak basyp, Çekýän bolsa goluny, Mal yzynda geçirýän Bolsa arly gyşyny Özi sanap bilemse Köpügini, puluny Aýdyň ahyr adamlar, O nähili duşmanmyş?! Kyrk üç ýaşap, Kagyzdyr galam tutmadyk adam, Doglan oýundan aňra Gözi ýetmedik adam. Ynsabyny hiç zada Hergiz satmadyk adam O nähili duşmanmyş?! O nähili duşmanmyş?! 3. Öýde aglamaga meniň hakym ýok Erkek adamlara aglamak aýyp Öýde däl-de, çola çykyp aglaýan, “Men duşmanyň ogly dälä ahyr” diýip Başyndan inen bu betbagtlygyň Hesretini göterip çaga ýürekde Mekdebe barybam aýdym aýtmaly Şat durmuşdyr bagtly çagalyk hakda Ýyllar geeçip barýar egniňden basyp Kek-kem ýitip barýar öz kakaň keşbi Mekdebe gelibem diwar gazýete Serdary taryplap ýazmaly goşgy Dogrusy, menentek goşgyny ýazman Ýöne ýazmaklygy göwne beslälim Duýýardym: murtyny çala ýylgyrdyp Maňa serdýärdi ýoldaş Stalin Hawa, ol beýleki partalara däl Bakýardy hut meniň özüme bakan Meger, bir zat diýjek ýalydy Ýa-da ýagdaýymy aňyp durmykan? Dagy näme? Elbet, bilip durandyr Gat-gat diwarlara duwlanan Serdar Daşlynyň oýunda bolýan zatdanam Gürrüňi ýok, habardardyr habardar! Gün bolup çoýany üçinde özgelere däl Dogry maňa bakan aýlap ol nazar, Meger, soraýandyr: “Sen näme üçin Gaýgyly görünýäň, eý, Berdinazar?” Muňa näme diýip jogap bereýin? Gynasada gursakdaky agyry, Onuň saýasynda “bagtly çagakaň” “Derdim agyr” diýip bolmaz ahyry! Ajap zamanada, gözel durmuşda Gaýgy gam nireden ýadyňa düşýär. Dokuz ýaşyňdakaň kakaňdan aýran Beýik serdar seň güýjüňe güýç goşýar... 4. Obadaşym bardy Işi rowana Ne döw çaldy, bilmen Taňry gargana... Bir özi obanyň Başlygy hany Agzyna tutuplar Berýäler nany Aýdan sözi kanun Diýeni perman Kän ýyllaap ýaşady Bir sowal bermän. Demi dag ýarýardy Işi rowana. Bilmen, ned döw çaldy Taňry gargana. Işden aýyrdylar- Işi gaýtdy: Ilki-hä aýaly Dünýeden gaýtdy Soň ogludyr gyzy Uçrady bela Yryldy döwleti Yrandy gala Agzynda-ha alla, Dilinde-toba Gynandy jemagat, Gynandy oba. Geňirgendim özümem Günleriň bir gününde Garaşmankam, ol adam Geleninde ýaanyma. Hany öňki gedemlik Hany öňki howala? Nebsim agyrdy gitdi Pukara myhmanyma. Şunça ýylyň içinde Gapymyzdan gelmändi Soramandy halymy Habar hatyr almandy Bu gün bolsa başegip Özi geldi ýanyma, Nebsim agyrdy gitdi Perişan myhmanyma. Öňünde duz-nan goýdum Içdi goýan çaýymy Sorady saglymy Hem synlady jaýymy. Agras-agras dem aldy Ýuwdundy yz-yzyna Düşünmedim nämüçin Agram salýar özüne. Ýene-de bir ýudundy Ahyr özüme bakan Kynlyk bilen öwrüldi Bir naýynjar nazary... Diýidi: “Seniň öňüňde Geçilmejek günäm bar: Şugullanyň biri men Kakaň Hudaýnazary. Haýyş edýän, ýalbarýan- Başga hiç zat sorama Ur disemä urmarsyň Tüýkür ýöne ýüzüme. Eger başaryp bilseň “Şol günäni geçdim” diý Dogry bak-da gözüme. Başşga hiç zat diýmedi Bakdy maňa ejizläp Bakdy Atam ojagyn Ýetim goýan o jellat. Otyr ine gaşymda Otyr boýnuny sallap. Balaja bäş çagany Ýetim goýan o jellat! Ömrüň soňky çägine Eden günäsin jemläp, Indi ötünç soraýar O peläket, O jellat. 5. Onuň aýdanlary birbada däl-de Kem-kemden, kem-kemden aňyma ornap Sarsdyrdy süňňümi, duýgularymy Aklymy iň gödek güýç bilen oýnap Depämden urlan dek doňdum bir salym Özümi elime alyplar bilmän Ahyrym agralan başym galdyryp: “näme üçin beýtdiň?..” diýenim bilýän. Ol dymýardy. Emma dymmak jogap däl. Jogap almalydym sowalyma men. Bir salymdan soň şol sorag bilen Ýene-de ýüzlendi o zalyma men. Gözlermiň üýtgän bolmagy mümkin Onuň sussun basdy, garaz, nazarym. Uludan dem alyp seslendi ahyr: “Bir häsýeti bardy Hudaýnazaryň...” Ol şeýle diýenspoň başyn galdyryp Maňa göz astyndan müýnürgäp bakdy: “Özi garamaýak çopan halyna Boýnyýogynyrakdy – başam dim-dikdi. Özüniň kimdigin unnudaýýardy, Diýýän gepi boýy ýaly belentdi. Taaňra-da baş egmez buýsanjy bardy, Şol buýsanjam bendäň başyna ýetdi. Ine saňa gerek bolsa pelsepe, Ine saňa gerek bolsa bahana Diýmek öz buýsanjyň, öz kelläň bilen Geläýmeli däl eken-dä jahana?!. Ýok men ol adamyň aýdan sözünden Özümçe çykardym has çeýe many. Ol diýýärdi: “Inim, meniň öňümde Başarmady kakaň başyn egmäni.” Baş egmegi menem halamaýaryn. Adamy men şu ýörelgäň, şu ugruň. Maňa miras galanyna şatdyryn, Kakam, seniň şol buýsançly Ruhuň! 6 Bir gün ony şzüm öýe çagyrdym. Gepledesim geldi has ine-gan Iýdi, içdi dura-bara açyldy... Hem gürläp başlady ylla bir dana. Ol diýdi: “Özüni beýgeltmek üçin Ýykmalydyr adam özünden beýgi.? Emma bu peläket pelsepesine Hawa diýjek däldi mendäki beýni. Diýdim: “Adam ýykyp beýgeljek bolmak Diňe pes adamyň başarjak işi.” Gabagyn galdyryp, ajy ýylgyrdy, Juda ýakymsyzdy onuň ýylgyrşy. Soň diýdi: “Oýundyr durmuş diýilýän, Utan – beýikdir-de Utulan – pesdir!..” Başyn atdy, aýdanyny tekrarlap Diýýän dek: “Sen hokga çykarma, besdir!” Diýdi: “Bir ýüzüňiz bardyr öýderdim, Haçan edindiňiz ikinji ýüzü?!.” Diýdi: “Biler bolsaň, ikiýüzli edip Dünýä indiripdir ýaradan bizi. Ýeke ýüzli bolup ömür sürmäge, Diýmek, bize berilmändir ygtyýar. Iki däl, üç ýüz hem köplük edenok, Her ýüzüň işlemeli wagty bar..” Artyk diňlemäge gurbum çatmady. Ol däl, men utandym diňlän sözümden. Ýaňky adam alamata öwrülip, Gitmedi şondan soň meniň gözümden. Ýöne ol adamy tanamak b ilen Garaz, özüm üçin bir zatlar açdym. Üç gezek öňümde dyza çökennsoň, Haýyşyn bitirdim – günäsin geçdim. Bu maňa iň agyr düşen zat boldy. Men özüm özümi gynadym gaty. Ýöne günäsini geçmänim bilen Kakam indi direljek däl ahbeti. 7 Elbetde, öleniň gybatyn etmek Biziň ilimizde halanýan zat däl. Stalin babatda näme diýsegem, Ol gökden gaçmady, ol bize ýat däl. Dirikä biz oňa howandar diýdik, Indi jellat bilen barabarlaýas. Mümkin, dogrydyram. Birje geň ýeri – Biz bu hakda özi ýokka gürleýäs. Ony tankyt edýäs. Bu gaty dogry. Bu mertlik – biz muny az görmeýäris. Ýöne otuz ýyllap dymym gelenmiz Üçin özümizi ýazgarmaýarys! Serdar baryp ýatan zabun bolsa-da Bolsa-da bir özi her näçe zalym, Halk halklygyn etse ony boýnundan Düşürip biljegi mälimm? Mälim! Başlyk bolsun, söbük bolsun, dirikä Biz özüne aýdyp bilmesek aýbyn, Onda bu zat – hemmämiziň günämiz, Seniňem, onuňam, meniňem aýbym! Meniň günäsini geçen şugulçym Oba uzak ýyllar boldy baştutan. Stalindi iki sözüniň biri, Beýleki, ikinji sözi-de: Watan Ulynyň, kiçiniň dilinde bolsa Gaýtalanyň ýaňky kişiň öz ady, “Oba Stalini”diýýärdi kimler, Kim diýýärdi: “Staliniň zürýady” Staline, onuň “zürýatlaryna” Eneden atadan beter ynandyk. Diýýän bu gün: --gözüň aýdyň jemagat, Gözüň aýdyň, biz ahyry oýandyk! Öz-özüňe baha bermek ýagşy däl. Bilemok: biz biakylmy, akylly. Ýöne bir ýagdaýy aýdyp bilerin- Diýduk özümizi adam şekilli. Bu – uly zazt, Kiçi-girim zat däl bu: Duýduk özümiziň mertebämizi. Goýduk – adamyny Taňry edinip, Üç bükülip, ony magtamamzy. Bil bükmegi halamandym hiç haçan, Men adamy şu ýörelgäň, şu ugruň. Maňa miras galanyna şatdyryn Kakam, seniň şol buýsançly Ruhuň. 8. Ýerbendiň çöllügi, Daşlynyň oýy. Otuz ýedinji ýyl, Awgustyň aýy. Yssydy, ýadymda, Ýadymda bary. Ýarym asyr geçdi Ol günden bäri. Ine elimde dur Elýaly kagyz. Üns hem bermersiňiz Okamankaňyz. Bäş-alty setirde Ýerleşen hatda Şeýleräk sözler bar, Kaka sen hakda: Günäsi ýok eken Dynnym hem ýaly. Hudaýnazar Aňkar Aklandy doly. * * * Gözümizden uçdy dokuz ýaşymda, Gaýdyň öýün, maşgalasyn görmedi. Il öňüne düşüp ýören adam däl – Diňe ili ekläp ýören çarwady. Berdinazar Hudaýnazarow (Oktýabr, 1988 ý) #goshgular

Теги других блогов: nostalgia poema Turkmen literature